img

Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşiginde ýeňiji boldular

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýaş ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň ýaş zehinli mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşik maket taýýarlygy, sungat işi, himiýa, biologiýa, oba hojalyk, ekologiýa we lukmançylyk ylymlary, radioelektronika, energetika we awtomatlaşdyrylan ulgamlary, programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlygy we başga-da birnäçe ugurlary öz içine alyp, oňa döwletimizden jemi 150-den gowrak ylmy-taslama işleri gatnaşdy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň ylmy-barlag we binagärlik-dizaýn taslama gurnaklary tarapyndan ýaş mugallymlaryň we zehinli talyplaryň jemi 27 sany ylmy-taslama işi bu bäsleşige gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärlerinden we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenlerinden düzülen emin agzalarynyň öňünde öz ylmy işleri barada ussatlyk bilen ýokary derejede çykyş etdiler. Bäsleşige her bir gatnaşyjy ýaş alym öz ylmy-taslama işiniň ylmy ähmiýetliligini beýan etmekde özüniň ukyp başarjaňlygyny açyp görkezdi. Şeýlelikde taslama bäsleşigine gatnaşýan ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen ýaşlar halypa, ylmy derejeli professor mugallymlaryň öňünde öz ylmy işlerini beýan edip, olardan degişli teklipleri aldylar. Häzirki döwürde türkmen ýaşlaryna öz ylmy işlerini köpçülikleýin ylmy jemgyýetçiligiň öňünde tanyşdyrmaga, önümçilige ornaşdyryp ylmy täjirleşdirmegiň ýollaryny we usullaryny öwrenmäge hem-de amala aşyrmaga ähli şertler döredilýär. Bu bolsa Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda türkmen ýaşlaryny geljekde ylmy işlere ruhlandyryp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän taslama, ylmy we ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara eýe bolmaklaryna ýardam edýär. Türkmen ýaşlary bu günki gün ýurdumyzda ýerleşýän ylmy-barlag institutlary, Tehnologiýalar merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Özleriniň alyp barýan ylmy taslama işlerini önümçilige teklip edip, oňyn netijeler gazanýarlar. “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly geçirilen ylmy-taslama bäsleşigiň geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bäsleşikde “Ýaş binagär” binagärlik-dizaýn taslama gurnagynyň agzalary, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” hünäriniň 6-njy ýyl talyplary Allamyrat Ataýew we Perman Işangulyýew “Maglumat tehnologiýalar merkezi” atly ylmy-taslama işi bilen II orna we “Ýol gurluşykçy” ylmy gurnagynyň agzasy, Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Söýenç Ahmedow “Halka sütünli want görnüşli köpri” atly taslama işi bilen III orna mynasyp boldular. Allamyrat Ataýewe we Perman Işangulyýewe institutyň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Şirmuhammet Jepbarow hem-de Söýenç Ahmedowa “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň uly mugallymy Atageldi Garajaýew ýolbaşçylyk etdi. Institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň ylmy barlag we binagärlik-dizaýn taslama gurnaklarynyň agzalary ylmy-taslama işlerini dürli ugurlardan alyp baryp, geljekde has-da ýokary sepgitlere ýetmegi özlerine maksat edinýärler.

img

Ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylmy jemgyýetçiligiň öňe gitmeginde uly işleri ýola goýan Gahryman Arkadagymyza, ýaşlaryň ylymly bilimli bolup, ylmy garaýyşlarynyň has ilerlemeginde yzygiderli aladalar edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar