Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde institutyň talyplary ýeňiji boldular
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy atly 2022-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde her ýylda geçirýän bu bäsleşigine ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary hem-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan hem bu bäsleşige ylmy işleri alyp barýan zehinli ýaş mugallymlaryň we talyplaryň onlarçasy degişli ugurlar boýunça gatnaşdylar. Olardan institutyň “Awtomatika we programmirleme” gurnagynyň agzasy, Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Şyhy Şyhyýew II orna we “Ýaş ekspert” gurnagynyň agzasy, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Logistika” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Serdar Alimow III orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular. Ylym we bilim islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň binýady, möhüm şerti bolup durýar. Döwletimizde ýaşlaryň ylmy garaýyşlarynyň we pikirleriniň, maglumat-tehnologiki oýlap tapyşlarynyň, ylmy-taslamalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyny gazanmak maksady bilen her ýyl geçirilýän bu bäsleşik ýaş ylmy jemgyýetçiligiň agzalaryny täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň pajarlap ösýän döwründe täze innowasion tehnologiýalara erk edýän ýaşlaryň kemala gelmeginde, ylymda halypa-şägirtlik ýolunyň has-da kämilleşmeginde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşik möhüm orun eýeleýär. Bäsleşikde üstünlik gazanan Şyhy Şyhyýewa institutyň “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň uly mugallymy Çaryýar Şükürow we Serdar Alimowa “Gozgalmaýan emläkleriň dolandyrylyşy” kafedrasynyň uly mugallymy Keýik Kerwenowa ýolbaşçylyk etdi. Häzirki döwürde düýpli ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýän täzeden-täze işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek üçin Türkmenistan watanymyzda zerur şertler döredilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu döredilýän şertler bolsa türkmen ýaşlaryny ylym ulgamyndaky täze açyşlara ruhlandyrmak bilen, ylmy işlere bolan höwesini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns bermegi netijesinde geçirilýän bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan köpelýändigini hem bellemek gerekdir. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlarymyza ylmy işler bilen meşgullanmaga, ylmy-taslama işlerini alyp barmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlary aýtdylar we Ýüzlenme kabul etdiler.