img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda "Materiallaryň garşylygy" dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Halkara olimpiadalary ýokary derejede guramak boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty daşary ýurt we Türkmenistanyň inženerçilik ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2022-nji ýylyň 20-nji maýynda inženerçilik ylmynyň esasy dersleriniň biri bolan “Materiallaryň garşylygy” dersi boýunça geçirilen Halkara Açyk internet olimpiadasy özüniň ýokary guramaçylygy bilen tapawutlandy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan gurnalan, bu gyzykly we örän çekeleşikli geçen bäsleşikde Hytaý halk respublikasynyň, Germaniýa döwletiniň, Türkiýe döwletiniň, Malaýziýanyň, Russiýa federasiýasynyň, Belarus döwletiniň, Azerbaýjan döwletiniň, Gazagystan döwletiniň,, Rumyniýa döwletiniň, Özbegistan döwletiniň, Çehiýa döwletiniň we Gyrgyzystan döwletiniň, jemi 13 döwletiň 68 sany ýokary okuw mekdepleriniň talyplary “Materiallaryň garşylygy” dersi boýunça özara bäsleşdiler. Iň zehinli ýaşlar ýeňiji bolup, Halkara Açyk internet olimpiadanyň I, II, III derejeli diplomlary bilen sylaglandylar.

Arkadagly Serdarymyz özüniň çykyşlarynda halkara derejeli bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini, munuň ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna-da ýardam etjekdigini yzygiderli nygtaýar.

Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işleri ýokary derejä çykarmaga ýardam eder.

Habarlaşmak üçin maglumatlar