img

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda döredijilik bäsleşigiň jemleýji Döwlet tapgyry geçirildi

2022-nji ýylyň maý aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Ýeňiş güni mynasybetli talyp ýigitleriň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji Döwlet tapgyry geçirildi. Bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde I orna mynasyp bolan talyp ýigitler gatnaşdy. Bu döredijilik bäsleşigi jemi 3 şertden ybarat. Bäsleşigiň 1-nji şertine laýyklykda: talyp ýigit özüniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etmeli. Wagty 3 minut (talyp ýigit ýekelikde ýerine ýetirmeli); Bäsleşigiň 2-nji şertinde: “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly bilen baglanyşykly talyp ýigit özüniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesi bilen aýdym-saz, goşgy ýa-da sahna ýerine ýetirmeli. Wagty 6 minut (çykyş edýän talyp baş rolda bolup, 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berilýär); Bäsleşigiň 3-nji şertine laýyklykda talyp ýigit ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmeli. Wagty 3 minut. Bu bäsleşige Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hojadurdy Hojadurdyýew gatnaşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Ýeňiş güni mynasybetli talyp ýigitleriň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji Döwlet tapgyrynda emin agzalaryň gelen netijelerine görä Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hojadurdy Hojadurdyýew Baş baýraga mynasyp boldy. Bu döredijilik bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we degişli Diplom bilen sylaglandylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar