img

Tanyşdyrylyş dabarasy

Nebit-gaz Medeni işewürlik merkezinde üstümizdäki ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty P. Orazow Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren täze kitabyň ähmiýeti, şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary üçin gymmatly gollanmadygy barada gyzykly çykyş etdi. Dabara turuwbaşdan aýdym-saza beslendi.

Institutyň mugallymlarydyr talyplarynyň çykyşlary gyzykly we ähmiýetli boldy. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Atalyk kitaplaryň dowamly bolmagy arzuw edildi.

Institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabara gatnaşyjylaryň şatlygyny goşalandyrdy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar