img

Talyp ýaşlaryň arasynda seslenme guramaçylykly geçirildi

2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda 2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen hoş habary, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda seslenme guramaçylykly geçirildi. Bu seslenmede ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýändigi, 2022-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolandygy barada bellenilip geçildi. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygy, bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýandygy, ol köpugurly, toplumlaýyn işde şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek aýratyn möhümdigi barada nygtalyp geçildi. Şonuň ýaly-da, seslenmäniň dowamynda Türkmenistan ýurdumyzyň bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň ýurt derejesindäki işini ulgamlaýyn esasda alyp barýandygy, köp ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekilendigi, bu işiň ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün edendigi we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna goldaw berendigi dogrusynda aýdyldy. Seslenmä gatnaşyp çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ekologiýa gurşawyny kemala getirmek we ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek babatynda ýurdumyzda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek bilen, Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar