Türkmen bedewiniň waspy Arşda
Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmenistan döwletimizde ýokary derejede bellenip, dürli at üstündäki oýunlar, aýdymdyr-sazlar, goşgulardyr-poeziýalar, şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça we medeniýet-sungat adamlarynyň döredijilik eserlerinde türkmen bedewiniň waspyny ýetirýärler. Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 77-nji we 116-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Binagärlik-gurluşyk fakultetinde “Türkmen bedewiniň waspy Arşda” atly sergi 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 18-23-i aralygynda gurnaldy. Sergide Türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň waspyny milli baýramçylygy mynasybetli öz döreden eserlerinde dürli usullarda ýerine ýetirip, baý reňk öwüşginleri bilen şöhlelendirdiler.
Türkmen halky ahalteke bedewine edýän yhlasymyzyň hem-de söýgümiziň netijeleriniň äşgär görünýän döwründe ýaşaýarlar. Türkmen bedewiniň şöhratyny ýaýmak, olaryň dünýä meşhurlygyny dabaralandyrmak talyp ýaşlarymyzyň zehininiň we başarnygynyň goldanylmagyna aýratyn bagly bolup durýar.
Bedewler asmandan inen ykballary dünýä berýärler. Çünki bedewiň özi behişdi, Arşdan bize berlen paýdyr. Asmandan inen ykballar-bu biziň bagtyýar döwrümiziň, bedew batly zamanamyzyň ykballarydyr.