img

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen sport çäreleri

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport kluby we “Bedenterbiýe” kafedrasy bilen bilelikde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli 2022-nji ýylyň 25-nji fewralyndan 2-nji mart aralygynda sportuň küşt, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tanap çekmek, basketbol 3x3, woleýbol, ýeňil atletika görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryş çekeleşikli ýagdaýda geçirildi. Şeýlelikde sportuň görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşda:

I orna - Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň topary;

II orna - Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň topary;

III orna - Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň, Binagärlik- gurluşyk fakultetiniň toparlary mynasyp boldular.

Ýaryşyň ýeňijilerine Kärdeşler arkalaşygy komitetiniň ýadygärlik sowgatlary, Talyplar sport klubynyň hormat hatlary gowşuryldy.

Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Habarlaşmak üçin maglumatlar