“Talyp gözeli-2022” bäsleşigi geçirildi
2022-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ne “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň merkezi Geňeşiniň yglan eden “Talyp gözeli- 2022” atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň bähbidi, ähli Türkmenistanlylaryň asuda ,abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Mähriban Prezidentimiziň “Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini, müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetleridir. Häzirki döwürde türkmen geli-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelleriniň ajaýyp nusgasyna öwrülip tug ýaly belende pasyrdaýar.” Diýip ýaşlara uly ynam bildirmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde möhüm borçlary goýýar hem-de olary ata Watanymyzy beýgeltmäge çagyrýar. Bu beýik ynam däp-dessurlarymyzy dogry berjaý etmek we ýokary adamkärçilikli nesil bolup ýetişmek bilen aýrylmaz baglydyr.
Bu bäsleşik alty fakultetiň arasynda üç sany şertleri ýerine ýetirmek bilen geçirildi. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar öz ukyp başarnyklaryny, durmuşa taýýarlygyny, edep gözelligini görkezdiler. Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalary tarapyndan adalatly baha berildi. Çekeleşikli geçen bäsleşkde baş baýraga Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyby, bayrakly 1-nji orna Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakulteti, 2-nji orna Binagärlik we gurluşyk we Ýol gurluşygy fakulteti, 3-nji orna Inžener mehanika we Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetleriniň talyp gyzlary mynasyp boldylar. Ýeňijiler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hormat hatlary, ter gül desseleri we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň dowamynda institutymyzyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny hem-de gelin-gyzlarymyzyň gözelligini wasp edýän birnäçe aýdym- sazlar ýerine ýetirildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bizi bagtyýar zamanada ýaşadýan, okamaga, öwrenmäge, ukyp-başarnygymyzy ýüze çykarmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.