
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäre geçirildi
2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluny ylgap geçmekde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” A toparyň hünäriniň 5-nji ýyl talyby Maksat Öwliýagulyýew I orna, hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.