img

“Halk Maslahaty belent maksatlara, aýdyň geljege” atly maslahat geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bilelikde gurnamagynda “Halk Maslahaty belent maksatlara, aýdyň geljege” atly maslahat geçirildi. Oňa institutymyzyň professor- mugallymlary, talyp ýaşlary we ýurdumyzyň Zenanlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahat şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan geçen 2021-nji ýylyň jemlerine, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanyldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eziz Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly badalga berjek birnäçe çözgütleriň, şol sanda, “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny tassyklamak hakynda” Kararyň taryhy ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň ählisiniň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgeden gözbaş alýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar