“Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasyny hem-de maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek, türkmen senetçiliginiň kämil sungat derejesine öwrülen zergärçiligiň, binagärlik, nakgaşçylyk (surat çekmek sungaty) metaly çeper bejermek, grafika, demirçiligiň, neçjarçylygyň (agaç ussaçylygy), külalçylygyň, gelin-gyzlaryň şaý seplerini, bedewiň şaý-seplerini we esbaplaryny, dutar, gyjak, tüýdük (üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary we kirişli saz gurallary) gopuz ýaly halk saz gurallaryny ýasamagyň, göni gaýtadan işlemegiň özboluşly usullaryny, däplerini we tilsimlerini dowam etdirmek, gaýtadan dikeltmek hem-de döwrebaplaşdyrmak baradaky atalyk öwüt-ündewlerini, gymmatly nesihatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň tebigy zehinlerini hem-de el hünärlere bolan endiklerini ýüze çykarmak, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, olaryň sungata bolan höweslerini has-da artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» atly döredijilik bäsleşigi 2022-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirildi.