img

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde “Arkadagly Serdaryň ak bagt saýyp Öňe barýar bagtly türkmen ýaşlary” ady bilen aýdym-sazly sport çäresi geçirdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz sportuň ösýän mekany hökmünde meşhurlyga eýe bolýar. Sport biziň şu günki özgerýän durmuşymyzyň aýnasyna meňzeýär. Mähriban Prezidentimiziň özi, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmakda biziň her birimize belent göreldedir.

Sport bilen meşgullanmak ýaşlary beden we ruhy taýdan gujur-gaýratly, güýçli edýär, beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Ruhybelentlige beslenýän sport çäreleri ýaşlaryň kalbyna dostluk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik duýgusyny terbiýeläp, olary sagdyn ýaşaýyşa gönükdirýär.

Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin sport çäreleri yzygider geçirilýär, bu bolsa türkmen halky üçin şeýle hem Türkmenistan döwletimiziň röwşen geljegini ele aljak ýaş nesillerimiziň sagdyn, döwrebap, giň dünýägaraýyşly, ýokary ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmeklerine uly mümkinçilik döredýär.

Mähriban Prezidentimiziň: “Sportuň, bedenterbiýäniň ýörgünli bolmagy, birinjiden, halkyň, esasan hem ýaşlaryň saglygy üçin uly ähmiýetli bolsa, ikinjiden, dünýäde ýurduň sport abraýynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär” diýen sözlerinden ugur alyp Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Arkadagly Serdaryň ak bagt saýyp Öňe barýar bagtly türkmen ýaşlary” ady bilen aýdym-sazly sport çäresi geçirdi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar