Talyp ýaşlaryň arasynda “Halk. Döwlet. Prezident: demokratiýa, parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ösüş ýoly bilen belent maksatlara tarap” atly maslahat geçirildi
2022-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halk. Döwlet. Prezident: demokratiýa, parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ösüş ýoly bilen belent maksatlara tarap” ady bilen geçirilen maslahatda edilen buýsançly çykyşlara bagyşlanyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda maslahat guramaçylykly geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň kabul edilendigi hem-de şol mejlisde Türkmenistanyň 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukuky boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlanandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar munuň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň nobatdaky uly ýeňşi bolup durýandygyny nygtap, bu wakanyň ýurdumyzyň halkara derejede at-abraýyny belende göterýän möhüm ähmiýetli wakadygyny bellediler. Şeýle hem, maslahatda 2022 – 2052-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna we onda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm ugurlaryna-da aýratyn üns berildi.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar täze döwrüň täze wezipeleri öňde goýýandygyny nygtap, olary ýerine ýetirmekde irginsiz zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.