img

Institutda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynyň meýdançasynda bilim alýan talyplaryň hem-de zähmet çekýän professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza buýsanç, söýgi we hormat goýmak, bilim ulgamyny düýpli özgertmek we ösdürmek, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ahlak kadalarynyň, tertip düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda ýokardaky bellenilip geçilenlerden başga-da, ýaşlary global internet çeşmelerdäki, sosial torlardaky edep-terbiýesine ýaramaz täsir ediji audio-wideo we beýleki görnüşler arkaly berilýän maglumatlardan ägä etmäge we olardan täsirlenip millilige gabat gelmeýän hereketlerden daşda durmak boýunça düýpli işleri alyp barmak, şeýle-de köçe-ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almak barada hem giňişleýin nygtalyp geçildi.

Wagyz-nesihat duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň çözgütlerini ýerine ýetirmek we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda guramaçylykly geçirmek we mynasyp dalaşgärleri saýlamaklyga institutyň ähli professor-mugallymlary we talyp ýaşlary çagyryldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiklerinde ýeňiji bolan talyplary we olary taýýarlan mugallymlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzy, halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.

Habarlaşmak üçin maglumatlar