Talyp gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi
2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda talyp gyzlaryň arasynda milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik guramaçylykly geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň asuda, abadan parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar durýar. Mähriban Prezidentimiziň “Watansöýüjülik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarymyzyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar” diýen ajaýyp sözlerini belent wezipe edinip, talyp gyzlarymyzyň ukyp başarnyklaryny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini açyp görkezýär. Her fakultetden birnäçe talyp gyzlar gatnaşyp, bir wagtyň dowamynda öz el işini çeper hem-de çalasynlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň netijesinde institutymyzyň talyp gyzlary özleriniň ussatlygyny, ugurtapyjylygyny, çalasynlygyny görkezip, institutyň Zenanlar guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan biziň şu günlerimize gelip ýeten milli el işlerimizi dünýä ýüzüne ýaýmakda, keşp hem-de edep gözelligini açyp görkezmekde alyp barýan işlerine öz minnetdarlyklaryny beýan etdiler hem-de biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini arşa galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.