Talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy guramaçylykly geçirildi
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin Hünärmenleri taýýarlamak müdirliginiň tabynlygyndaky Ätiýaçlykdaky serkerdeleri we raýat goranyşynyň şepagat uýalaryny taýýarlamak boýunça okuw merkeziniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Watan goragçylarynyň güni hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy guramaçylykly geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyp çykyş edenler, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzda Watan goragyna çäksiz sarpa we egsilmez hormat goýulýandygyny, Watan goragçylarynyň sarpasynyň belentdigini, türkmenleriň taryhyň bütin dowamynda özlerini ugurtapyjy, batyr, gaýduwsyz söweşijiler hökmünde tanadyp gelendiklerini, merdana ata-babalarymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň gahrymançylykly ömür ýolunyň watançy gerçekler üçin merdanalygyň we synmaz nusgawylygyň beýanydygyny alamatlandyrandygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylaryna uly ynam bildirilýändigini, ýurdumyzyň goranyş häsiýetli harby doktrinasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, harby syýasy, harby strategik ugryň döwrebap kämilleşdirilýändigini, pederlerimiziň ýol ýörelgesine ygrarly, ýurt goragyna bolan höwesi gursagynda göterýän merdana Watan goragçylary tarapyndan amala aşyrylýandygyny giňişleýin belläp geçdiler hem-de talyp ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, halkymyza, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watan goragçylarynyň güni bilen hormatly Prezidentimizi, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini Watan goragçylarynyň güni hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar we Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.