
Inžener we kompýuter grafikasy dersi boýunça I açyk Halkara internet bäsleşiginde talyplaryň gazanan netijeleri
2021-nji ýylyň dekabr aýynyñ 10-yna Türkmen Oba hojalyk institutynyň guramagynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça 1-nji açyk Halkara internet bäsleşigi onlaýn usulynda geçirildi. Inžener we kompýuter grafikasy boýunça 1-nji açyk Halkara internet bäsleşigine daşary ýurtlardan jemi 18 döwletinde talyplar gatnaşdylar.
Inžener we kompýuter grafikasy boýunça 1-nji açyk Halkara internet bäsleşigine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Şirmuhammet Jepbarowyň ýolbaşçylygynda bäş talyp gatnaşdy. Ýaryşyñ şahsy tapgyrynda institutyñ Binagälik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Babaşew Kerimberdi Jumageldiýewiç II orna, Binagälik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Mämmedow Çaryýar Muhammetmyradowiç II orna, Binagälik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Babaýew Rahat Maksadowiç III orna, “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Muhammetmyradow Merdan III orna, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Hudaýberdiýew Annaberdi Sapargeldiýewiç III orna mynasyp boldylar.