Talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-ündew çäresi guramaçylykly geçirildi
2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda “Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlygyny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli geçiriljek wagyz-ündew çäreleriniň Tertibine” laýyklykda wagyz-ündew çäresi geçirildi.
Wagyz-ündew çäresine gatnaşyp çykyş edenler, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda terbiýeçilik işleriniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly işler alnyp barylýandygyny aýtdylar. Hususan-da, talyp ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýol hereketi üçin döredilýän amatlyklar, köçe-ýol hereketiniň kadalary, düzgünleri we kadalaşdyryjy-hukuk namalary barada gürrüň berdiler. Şonuň ýaly-da, talyplaryň köçe-ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmelidikleri hem-de olaryň okaýan döwründe awtoulaglary dolandyrmaly däldikleri dogrusynda bellediler. Jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň edep kadalaryny we tertip-düzgünini doly hem-de dogry berjaý etmelidigini nygtadylar. Hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we bilim işgärleri ýaşlarymyzyň ýaramaz endiklerden daşda durmalydygy, bu ýaramaz endikleriň jemgyýet tarapyndan berk ýazgarylýandygy barada gürrüň berdiler. Jemgyýetçilik tertip-düzgüni bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalar hakyndaky Kodeksine we Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksine laýyklykda, anyk maddalaryň üstünde durup geçdiler. Şeýle hem olar dürli ýyllarda kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk namalar we olaryň jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmekdäki ähmiýeti barada bellediler. Olar çykyşlarynyň çäklerinde talyp ýaşlara sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy maslahat berdiler hem-de talyplaryň şahsy gigiýenany, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmelidigini hem tabşyrdylar.
Wagyz-ündew çäresine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatynda ýurdumyzda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek bilen, Arkadag Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.