img

Talyp ýaşlaryň arasynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli seslenme guramaçylykly geçirildi

2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Aşgabat şäherindäki medeni-işewirlik merkeziniň tomaşaçylar zalynda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” we “Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammiti” atly kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda seslenme geçirildi.

Seslenmä gatnaşyp çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň, şan şöhratynyň barha artýandygyny, goňşy döwletler bilen dost-doganlykly, özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmakda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň orny barada, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlar bilen köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygy belläp geçdiler. Şeýle hem, talyp ýaşlara hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplarynyň ähmiýetini we many-mazmunyny açyp görkezmek, gadymy hem müdimi türkmen halkymyzyň baý taryhyny, milli däp-dessurlaryny, medeni mirasyny öwrenmek, milli Liderimiziň beýleki atalyk kitaplaryny okaýyşlary ýaly, bu kitaplary hem yzygiderli okamaklaryny Watana, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.

Seslenmäniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar