img

Täze ýyl baýramy mynasybetli “Arkadaga ömür, ýurda salamat, Türkmenime şan eçilsin Täze ýyl” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Täze ýyl baýramy şatlyk-şowhunyň, agzybirligiň baýramy hasaplanýar. Şu günler ýurdumyzda Täze ýyla bagyşlanyp geçirilýän dabaralar uly ruhubelentlige beslenýär. 2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Täze ýyl baýramy mynasybetli “Arkadaga ömür, ýurda salamat, Türkmenime şan eçilsin Täze ýyl” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara institutymyzda zähmet çekýän professor- mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýerde ýerine ýetirilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler, ýurdumyzyň ýeten belent derejeleri, dünýä ýüzündäki halkara abraýy barada giňişleýin gürrüň edildi. Halkymyz bu döwletli tutumlary, şanly sepgitleri gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrýar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda institutyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren hoş owazly, şirin mukamly aýdym-sazlary we ýerine ýetiren çykyşlary, institutymyzyň aýdymçylarynyň asuda Diýarymyzy, täze ýyly, söýgini wasp edýän ajaýyp aýdymlary baýramçylyk joşgunyny has-da artdyrdy. Ýetip gelýän Täze ýylymyz hem özüniň ajaýyp şygary bilen biziň her birimiziň kalbymyza hormatly Prezidentimize bolan buýsanjymyzy artdyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen ýeneki ýyllara alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň il bähbitli, adamzat ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar