img

Talyplara halypaçylyk edýän mugallymlar bilen wagyz-nesihat okuw sapagy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-ne institutyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli professor-mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda, talyplara halypaçylyk edýän mugallymlar bilen wagyz-nesihat okuw sapaklarynyň geçirilişiniň usulýetini öwretmek boýunça okuw sapagy gurnaldy.

Bu geçirilen okuw sapagyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinden professor-mugallymlar gatnaşdy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy, çykyşdan gelip çykýan netijeler, Garaşsyzlyk ýyllaryndaky durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler, eziz Diýarymyzy ösdürmek we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etmek barada çykyşlar gurnaldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň halkara abraýyny we ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýyşy, ýurdumyzda beýleki ugurlary ösdürmekde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini düýpgöter özgertmekde, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda we dünýä ýaýmakda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymaty durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän işleri duşuşygyň dowamynda giňden wagyz edildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler we oňa gatnaşyjylar döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar