img

Talyp ýaşlaryň arasynda zehin bäsleşikleri guramaçylykly geçirildi

2022-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň arasynda “Syýasy zehin” we “Zehinli ýaşlar” atly zehin bäsleşikleri guramaçylykly geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler mähriban Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Täze 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň oýlanşykly içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli watançylyk we Arkadagly zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek häzirki döwrümiziň baş meselesi bolup durýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda talyp gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinini açyp görkezmek maksady bilen institutyň fakultetleriniň arasynda “Syýasy zehin” atly bäsleşik geçirildi. Bu geçirilen bäsleşigiň soragnamalary institutymyzyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan düzüldi. Talyp gyzlaryň arasyndaky bäsleşik 3 tapgyrda geçirilip, berlen soraglaryň üsti bilen Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň manysyny, türkmen halkynyň taryhyny hem-de ýurdumyzyň dünýä belli medeni taryhy ýadygärliklerini näderejede bilýändiklerini görkezdiler. Bu çekeleşikli geçen bäsleşikde her fakultetiň beren dogry jogabyna görä bahalandyryldy. Bäsleşigiň ahyrynda institutymyzyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymlary berlen bahalary jemläp, 1-nji, 2-nji, 3-nji orun alan fakultetleri yglan etdiler. Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlar bäsleşigi gurnaýjylara öz minnetdarlyklaryny bildirdiler, şeýle hem eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, hünär öwrenmäge, päk zähmet çekmäge höwesli ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde, Garaşsyz, baky bitarap ýurdumyzyň abraý mertebesini ösdürmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edip, alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar