img

Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetiniň guramagynda 15-nji Halkara Açyk Internet olimpiadasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gazanan üstünlikleri

2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetiniň guramagynda Matematika dersinden toparlaýyn 15-nji Halkara Açyk Internet olimpiadasy geçirildi. Ýaryşa Beýik Britaniýadan, Polşadan, Çehiýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Ysrayyldan, Belarussiýadan, Hindistandan, Ruminiýadan jemi 96 topar gatnaşdy.

Halkara Matematika ýaryşy “Blitz” we “Champinoship” tapgyrlarda geçirildi. Ýaryşyň “Blitz” tapgyrynda ýeňiji bolan 30 toparyň 6 sanysy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan talyp toparlary boldy.

Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetiniň guramagynda Matematika dersinden toparlaýyn 15-nji Halkara açyk internet olimpiadasyna institutdan “Ykdysadyýet we dolandyryş” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Jepbar Asgarow, şu hünäriň 3-nji ýyl talyby Kadyrberdi Annabaýew, “Gozgalmaýan emläkleriň dolanşygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Goçmyradow we “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Nagym Taňrygulyýew gatnaşyp ýokary başarnyklaryny görkezdiler we Halkara Matematika ýaryşynyň “Jemleýji” tapgyrynda institutyň topary altyn medala mynasyp boldy.

Halkara Matematika ýaryşyna talyplary “Ýokary matematika” kafedrasynyň uly mugallymy Sähetgylyç Gylyjow taýýarlady.

Ýeri gelende bellesek ýaryşyň “JEMLEÝJI” tapgyrynda Türkmenistanly talyplar jemi 1 sany altyn, 8 sany kümüş, 6 sany bürünç medallary eýelemegi başardylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar