img

Talyp ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda “Türkmenistanda Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Kanunyndan gelip çykýan wezipelerinden ugur alyp ýaşlarymyzyň arasynda zehinlilerini ýüze çykarmak, olaryň ylymda-bilimde, medeniýetde-sungatda özleriniň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndan nakyllary, atalar sözlerini çeper ussatlyk derejesinde ýatdan beýan etmek boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda fakultetara döredijilik bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Bu döredijilik bäsleşiginiň geçirilmeginiň esasy maksady, milli Liderimiziň ýiti zehininden syzlyp çykan “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndaky nakyllaryny, atalar sözlerini okamakdan, öwrenmekden, ata-babalarymyzdan miras galan nakyllaryny, tymsallaryny, rowaýatlaryny, goşgydyr-şygyrlaryny, kyssalaryny, atalyk öwüt-ündewlerini, gymmatly nesihatlaryny durmuşa geçirmekden, şeýle hem ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýaşlaryň söz ussatlygyny we dil baýlygyny artdyrmak babatdaky höweslerini ýüze çykarmakdan, olaryň gujur-gaýratyny we ukyp başarnygyny açyp görkezmekden, şeýle hem döredijilige bolan söýgisini has-da artdyrmakdan ybaratdyr. Nakyllarda we atalar sözünde il-güne, Watana bolan söýgi giňden beýan edilýär. Olardan “Towşana dogduk depe”, “Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol”, “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn”, “Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy”, “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar” ýaly dürdäneler ýaşlara uly täsir edýär. Olarda Watanyň her bir ynsan üçin aýrylmaz hemra, aňrybaş mukaddeslik bolup durýandygy çeper beýan edilýär. Bu döredijilik bäsleşigi 2 şert boýunça geçirlip, onda talyp ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndan mümkin boldugyça köp mukdarda nakyllary, atalar sözlerini ulanyp sazly edebi-çeper kompozisiýany ýerine ýetirmek hem-de Milli Liderimiziň “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndan mümkin boldugyça köp mukdarda nakyllary, atalar sözlerini çeper ussatlyk derejesinde ýatdan çeper okaýyş bilen wasp etmek boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Bäsleşigiň şertlerine görä degişlilikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň talyp ýaşlaryndan düzülen topar baýrakly III orna, Ýol gurluşygy fakultetiniň talyp ýaşlaryndan düzülen topar baýrakly II orna hem-de Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyp ýaşlaryndan düzülen topar baýrakly I orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar. Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, bäsleşigi gurnamaga döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar