Talyp ýaşlaryň arasynda “Ulularyň göreldesi-nesilleriň ýörelgesi” atly maslahat geçirildi
2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Aşgabat şäherindäki Nebitgaz medeni işewürlik merkeziniň mejlisler zalynda 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri babatynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Ulularyň göreldesi-nesilleriň ýörelgesi” ady bilen maslahat guramaçylykly geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň wekilleri, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary çykyş etdiler. Çykyş edenler, Hormatly Prezidentimiziň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamanyň” kabul edendigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Elbetde, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda geçirilen Halk maslahatynyň mejlisi Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şu geçen forumda ýurdumyzy geljek 30 ýyllyk döwür üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň esasynda, giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi. Mundan başga-da maslahatda Gahryman Arkadagymyz “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” ata Watanymyzyň ösüşiniň geljek döwrüniň adydyr diýip belläp geçdi. Maslahatyň dowamynda başga-da birnäçe il ähmiýetli ýurt bähbitli wajyp meselelere garalandygy barada çykyş edenler bellediler. Şeýle hem, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplar topary Hormatly Prezidentimiziň “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusyna çeper okaýyşyny we “Halkyň Arkadagly Zamanasyna Siz belent ykbal Arkadag” ady bilen aýdym sazly edebi-çeper kompozisiýasyny hem-de edebi-çeper kompozisiýasyny ýerine ýetirdiler. Çäräniň dowamynda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşanlar çäräni gurnaýjylara we ähli çykyş edenlere öz minnetdarlyklaryny bildirdiler hem-de döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.