img

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi guramaçylykly geçirildi

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresinde Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilen ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda müdimilik galjak 2021-nji ýyl tamamlanyp barýandygy bellenildi. Şeýle hem, döwletli, döwranly zamanamyzda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla özboluşly, ruhuna kybap gelýän at berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine açylýan giň mümkinçilikleriň beýanydyr. Şeýlelikde, halkymyzyň täze ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-islegleri nazarda tutuldy. Uly rowaçlyklara beslenip gelýän 2022-nji ýylyň şygarynyň merdana halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygy bellenildi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygar bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar öňe sürlen teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny aýdyp, milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda asyrlara barabar beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly syýasaty netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar çäräni gurnaýjylara we ähli çykyş edenlere öz minnetdarlyklaryny bildirdiler hem-de döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar