img

Talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi guramaçylykly geçirildi

2021-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri talyp ýaşlara düşündirmek we ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresinde 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammiti geçirilendigi bellenildi. Elbetde, köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ol ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Bu sammite Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary gatnaşdylar. Bize mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy. Munuň özi uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy döredilen döwründen başlap, guramanyň meýdançasy oňa agza döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde netijeli gurala öwrüldi. Bu guramanyň ýokary derejedäki duşuşyklary meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmakda, onuň giňişliginde sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň iň esasy hem-de ileri tutulýan mowzuklary boýunça çözgütleri kabul etmekde örän gowy mümkinçilik bolup çykyş edýär. Bu forumyň geçirilmegi netijesinde ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkidýän möhüm waka hökmünde Türkmenistan ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýulýar. Elbetde, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigine, bu gurama bilen bilelikdäki işiň uly tejribesiniň toplanýandygy bellärliklidir. Türkmenistan döwletimiz gurama agza ýurtlaryň her biri bilen aýratynlykda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär, bu bolsa köpugurly hyzmatdaşlyga oňyn ýardam berýär, ony baýlaşdyrýar, umumy işleri goşmaça berkidýär. Türkmenistan Watanymyzyň halkara başlangyçlaryny, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda biziň ýurdumyzyň durnukly ulag we energetika howpsuzlygy boýunça öňe sürýän taslamalaryny agza döwletleriň yzygiderli goldamagy muny aýdyň tassyklaýar. Elbetde, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleriň birnäçesi bu resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Umuman, Türkmenistan diýarymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň işi depginli häsiýete eýe bolýar, onuň sebit hyzmatdaşlygyna oňyn täsir edýär. Häzirki döwürde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy uly hormata, at-abraýa eýe bolan halkara ykdysady düzüme öwrüldi we bütin dünýäde ykrar edildi. Guramanyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda oňa agza ýurtlaryň arasynda dürli ylalaşyklar baglaşyldy we ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk babatda çözgütler kabul edildi. Bilelikdäki mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli ulanmak üçin möhüm ähmiýetli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça uly işler amala aşyryldy. Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar konserti gurnaýjylara we ähli çykyş edenlere öz minnetdarlyklaryny bildirdiler hem-de döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar wagyz-nesihat duşuşygyny gurnaýjylara we ähli çykyş edenlere öz minnetdarlyklaryny bildirdiler hem-de döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar