2024-nji ýylyň 15-16-nji awgustynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde sambo boýunça geçirilen Dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşa gatnaşdy.
Milli ýygyndynyň düzüminde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň bolmagy ýokary okuw mekdebimiziň ähli işgärlerini buýsandyrýar. Milli ýgyndymyzyň gazanan 1 altyn, 2 kümüş, 7 bürünç medaly ähli türkmenistanlynyň türkmen ýigitlerine we gyzlaryna bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Ildeşlerimiziň gazanan 7 kümüş medalynyň ikisiniň biziň talyplarymyzyň paýyna düşmegi, ýokary okuw mekdebimizde diňe bir ylym-bilim däl, eýsem sporta hem uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Pälwan talyplarymyz, Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň “B” toparynyň 1-nji ýyl talyby Baýramow Babamurat Baýram ogly sportuň sambo görnüşi boýunça 58 kg agram derejesinde çykyş edip, 3-nji baýrakly orna mynasyp boldy, şeýle hem Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika ” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Kerimow Kerim Parahadowiç sportuň söweş sambosy boýunça 71 kg agram derejesinde çykyş edip, 3-nji baýrakly orna mynasyp bolup, bürünç medala eýe boldular. Türgen talyplarymyzyň ýeňişleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.