img
img

HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI AJAÝYP ÝEŇIŞ

Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleri türkmen ýaşlarynyň dünýä ülüňlerine laýyk ylym-bilim almaklaryna, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçiliklerini döredilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän birnäçe matematika ders bäsleşiklerine biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň talyplary höwes bilen gatnaşýarlar. Olar diňe ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda geçirilýän ders bäsleşiklere gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. 2024-nji ýylyň 3-11-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet kollejiniň we Bolgariýa Respublikasynyň Amerikan Uniwersitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde XXXI Halkara matematika bäsleşigi geçirildi. Halkara bäsleşigine institutymyzyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Annabaýew Kadyrberdi, şeýle hem Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Goçmyradow Muhammetmyrat gatnaşyp, degişlilikde I we III orunlara mynasyp boldular. Institutymyzyň professor-mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary Annabaýew Kadyrberdini Altyn, Goçmyradow Muhammetmyraty kümüş medal gazanmaklary bilen gyzgyn gutlaýarlar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde, sanly ulgama gowy düşünýän, düýä ylymynyň gazanan iň öňdebaryjy tehnologiýalaryna erk etmegi başarýan, birnäçe daşary ýurt dillerini kämil bilýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagmyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Habarlaşmak üçin maglumatlar