img

DABARALY NYZAM

2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynyň meýdançasynda ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplaryň hem-de netijeli zähmet çekýän professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda dabara geçirildi.

Aýdym-saza beslenen dabarany Institutymyzyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty P.Orazow açdy. Rektor ýaşlara bilim bermekde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde institutda alnyp barylýan işler, ylym-bilimde, sportda gazanylan ýokary netijeler barada giňişleýin durup geçdi. Dabarada Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplar we olary taýýarlan mugallymlar sylaglanyldy. Ylmy bäsleşiklerde we sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan talyplara hem sowgatlar gowşuryldy. Göreldeli zähmet çekýän professor-mugallymalar Hormat hatlary, diplomlar, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

img

Dabaranyň soňunda okamaga, işlemäge, abadan durmuşda ýaşamaga ähli amatly şertleri döredýän Türkmen Milli Liderimize, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Gahryman Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar