img

HOŞ HABARLARYŇ YZY GÜR BOLSUN

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli işlerini mynasyp hem üstünlikli dowam edýän Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary netijeli sporta uly üns berilýär. Döredilýän amatly şertleriň netijesinde ýurdumyzyň türgenleri dürli derejeli Halkara sport bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanýarlar.

29-30-njy iýunda Makaoda (HHR) Azia we Okeaniýa döwletleriniň türgenleriniň arasynda geçirilen çempionata 20-den gowrak ýurduň türgenleri gatnaşdylar.

img

Sport we söweş sambo boýunça geçirilen Halkara sport ýaryşynyň birinji gününde Institutymyzyň Inžener-mehanika fakultetiniň Elektrik üpjünçiligi (senagat pudagynda) hünäriniň 1-nji ýyl talyby Baýramow Babamurat 58 kg agramda çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldy.

Halkara sport ýaryşynyň ikinji gününde Institutymyzyň institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň Kartografiýa we geoinformatika taýýarlygyň ugrunyň 1-nji ýyl talyby Kerimow Kerim 64 kg agramda çykyş edip, 2-nji orna mynasyp boldy.

Toparlaýyn bäsleşikde jemi 21 medal gazanyp, Türkmenistanyň 3-nji orna eýe bolmagyna mynasyp bolan talyp türgenlerimizi, şeýle hem ähli ildeşlerimizi ajaýyp sport ýeňşi bilen gutlaýarys.

Habarlaşmak üçin maglumatlar