img

BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasy turuwbaşdan aýdym-saza beslendi. Şatlyk-şowhuna beslenen dabara Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, onuň düýp many-mazmunyny ýaş nesillere düşündirmek, sungat derejesine ýetiren senetçiligimizi, amaly-haşam, şekillendiriş sungatymyzy, milli mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak babatda uly işler amala aşyrylýandygynyň şaýady boldy.

img

Magtymguly Pyraga diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem ähli döwürleriň, nesilleriň şahyry hökmünde hormat goýulýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň şygryýet gününiň baýram edilmegi şahyra goýulýan sarpadan nyşandyr.

Ýurdumyzda medeniýeti, sungaty ösdürýän, milli mirasymyza uly sarpa goýup, Watanymyzy bedew bady bilen ösüşlere sary alyp barýan mähriban Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Habarlaşmak üçin maglumatlar