img

GURLUŞYGY ALNYP BARYLÝAN TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ BINALAR TOPLUMYNDA GÖÇME OKUW SAPAGY

Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň mugallymlary we kafedrada taýýarlanylýan hünärleriň talyplary 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 28-ine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Talyplar täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda baş binanyň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen içgin tanyşdylar. Kärhanasynyň hünärmenleri gurluşyk meýdançasynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar, howpsuzlyk düzgünleri we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olara garşy çäre görmek barada jikme-jik düşündiriş işleri geçirdiler. Mundan başga-da, hünärmenler şeýle desgalaryň gurluşygynyň nireden başlanýandygyny, gurluşyk meýdançasynyň şu döwründe haýsy işleriň alnyp barylýandygyny we başga-da köp zatlary düşündirdiler. Amaly sapagy dowam etdirip, okuwçylar ýöriteleşdirilen kabel süýümleri üçin kabel çukurlaryny taýýarlamak, şeýle hem gurulýan fakultetleriň gurluşygy, kabel gurluşlary (daş bloklar, guýular we ş.m.) arkaly her fakultetiň binasyna kabel süýümleri goýmak bilen tanyşdylar. “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde talyplar daşky gurşaw gurluşygy, iň täze gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak, gurluşyk materiallary, häzirki zaman gurluşykda akylly jaý ýaly mowzuklara degip geçdiler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar