img

MILLI BINAGÄRLIGIŇ ÖSÜŞI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň bilelikdäki meýilnamasyna laýyklykda 2024-nji ýylyň 13-nji martynda umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, orta hünär okuw mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş mugallymlarynyň şeýle-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigini gurady.

Binagärlik-taslama döredijilik sergi bäsleşigi binagärlikde özboluşly milli we innowasion taslamalary taýýarlap teklipleri bermek, şeýle-de milli binagärlik we şähergurluşyk işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige ugrukdyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.

Bäsleşige 100-den gowrak iş bilen gatnaşyldy. Tapawutlanan ylmy taslamalar diplomlar we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar