img

HÄZIRKI ZAMAN BILIM TEHNOLOGIÝALARY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary Berlin Tehniki Uniwersiteti, Berlin Beuth amaly ylymlar Uniwersiteti bilen bilelikde guralan “How to COIL - Halkara kärdeşler bilen bilelikdäki onlaýn kurslary nädip ösdürmeli” atly 90 minutlyk onlaýn okuwyna gatnaşdylar.

Okatmagy sanlylaşdyrmak, halkara kärdeşler bilen bilelikde tutuş bir kursy ýa-da aýratyn okuw modullaryny ösdürmek üçin köp mümkinçilikleri açýar. COIL termini bu manyda köplenç ulanylýar. COIL, bilelikdäki halkara onlaýn okuw diýmekdir.

Bu kurs, bilelikdäki halkara onlaýn okuw (COIL) çemeleşmesini tanyşdyrýar we okatmaklyga sanly we halkara elementleri nädip goşup boljakdygyny düşündirýär. Şeýle kurslar, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde köp sanly meseläni çözmäge, sanly bilim ulgamynda täze bilimleri almaga goşant goşýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar