img

BAGTYÝAR ÝAŞLAR BAÝRAGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumyň geçirilmegi hem-de halkara forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda “Arkadagly Gahryman Serdarly Bagtyýar ýaşlaryň üstünlikleri” ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda aýdym-sazly hoşallyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylmy işler boýunça prorektory Gurbansähet Amansähedowiç Gurbansähedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy Bezirgen Orazmämmedow, Institutyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy, önümçiligi awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň müdiri Babajan Bekmurzaýew gatnaşdylar.

img

Aýdym-saza beslenen dabarada Ýaşlar baýragynyň eýeleri sylaglanyldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy “Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň” eýesi Şirmuhammet Jepbarow, “Elektrotehnika” kafedrasynyň mugallymy, “Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň” eýesi Döwletgeldi Hojamberdiýew, “Ýokary matematika” kafedrasynyň mugallymy “Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň” eýesi Mähri Myradowa, “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň mugallymy “Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň” eýesi Gaýypnazar Ballyýew, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby, “Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň” eýesi Muhammet Aşyrow, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Baýry Baýryýew, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 136-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy, “Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň” eýesi Ogulşat Öwezowa sylaglanyldy.

Institutymyzyň ýaşlarynyň altysynyň arzyly baýraga eýe bolmagy mugallymlarymyzy we talyp ýaşlarymyzy buýsandyrdy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar