“MILLI TERBIÝE WE SAGDYN BEDEN”
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda “Milli terbiýe we sagdyn beden” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygy Institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Orazberdi Çaryýew alyp bardy.
Wagyz-nesihat duşuşygy Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, kanunbozmalaryň, jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Okuw işleri boýunça prorektory Meýlis Babaýewiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýewiň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Terbiýeçilik äheňinde geçirilen duşuşyk ýaşlar üçin örän täsirli boldy.