img

“ARKADAGYŇ ÝÖRELGESI – NUSGALYK GÖRELDE”

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiren taryhy-syýasy ähmiýetli umumy sapagynyň baý many-mazmunyny, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň milli we medeni mirasy, halk döredijiligi, edebiýaty, taryhy, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşlerini giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “ARKADAGYŇ ÝÖRELGESI – NUSGALYK GÖRELDE” atly ylmy işleriň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan bäsleşigiň institut tapgyry geçirildi.

Täsirli geçirilen bäsleşikde “Maddy däl medeni mirasymyzda wasp edilýän binagärlik keşplerini döretmegiň ylmy-innowasion usuly” atly tema bilen Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Maglumat howpsuzlygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ejeş Mämmetöwezowa I orna, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen edebiýatynyň görnükli şahsyýetleri” atly tema bilen Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Gaýypgeldi Gurbandurdyýew II orna, “Arkadag hem Pyragy – her döwrüň bir ykbaly” atly tema bilen Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Oguljemal Durdyýewa III orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Diplomlar gowşuryldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar