
PROFESSOR B. REZNIGIŇ LEKSIÝASY
Özara hyzmatdaşlyk hakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin amaly ylymlar Beuth uniwersitetiniň arasynda Ylalaşygyň çäklerinde 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-na Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäheriniň Beuth amaly ylymlar uniwersitetiniň “Geodeziýa we geoinformatika” ulgamynyň professory B.Ý.Reznik «Emeli aň usulyny ulanmak bilen inžener desgalarynyň monitoringi (derňewi, gözegçiligi)» atly onlaýn okuw-usuly maslahatyny göni sanly ulgam arkaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda geçirildi.

Bu onlaýn okuw-usuly maslahatyna aşakdaky görkezilen ýokary we orta okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň diňleýji hökmünde hem gatnaşdylar:
1. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti;
2. S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti;
3. Türkmen oba hojalyk instituty;
4. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty;
5. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty;
6. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi;
7. Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi.
Şeýle okuw sapaklary, ilkinji nobatda, medeniýetler arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine we ylym-bilim pudagynda gatnaşyklaryň giňelmegine, şeýle hem talyplaryň arasynda täze hünär derejesiniň döremegine goşant goşýar.