img

AZIÝANYŇ AÇYK ÇEMPIONATY

2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-10-y aralygynda Almaty şäherinde karate-do boýunça Aziýanyň açyk çempionaty geçirildi. Halkara ýaryşyna 20 ýurtdan 550-ä golaý türgen gatnaşdy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Baýry Baýryýew 67 kilogram agram derejesinde çykyş edip, III orny eýeledi. Ýeri gelende bellesek, talyp türgenimiz ýakynda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, Dünýä Şotokan karate federasiýasynyň (WSKF) howandarlygynda Daşkentde geçirilen Şotokan karate boýunça dünýä çempionatynda Open absolýut agram derejesinde Kümüş medala, Hançžou şäherinde geçirilen ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda kumite (sparring) boýunça bürünç medala eýe bolupdy.

Talyp türgenimiz bilen gürrüňdeş bolanymyzda ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza öz alkyşlaryny aýdýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar