img

HALKARA KONFERENSIÝA

2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Nižnyý Nowgorod döwlet binagärlik-gurluşyk uniwersitetinde “Ylym 0+” XIII Bütin rus ylmy festiwalynyň açylyşy boldy.

Ylmy festiwal mekdep okuwçylary, talyplar we ýaş alymlar üçin taslamalary ösdürmek meýdançasy bolup durýar. Festiwal M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň goldamagy bilen NNDBGU-nyň Ýaş alymlar geňeşi tarapyndan eýýäm 13-nji gezek guralýar. 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabryndan 27-nji oktýabry aralygynda Festiwalyň çäginde halkara konferensiýasy geçirildi. Halkara konferensiýa Nižnyý Nowgorod döwlet binagärlik-gurluşyk uniwersitetiniň çakylygy boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary göni aragatnaşykda işjeň gatnaşdy.

Şeýle çäreler, ilkinji nobatda, medeniýetler arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine, ylym-bilim pudagynda gatnaşyklaryň giňelmegine goşant goşýar. Şeýle hem gymmatly pedagogiki tejribe alyşmak, ýaş alymlaryň, mugallymlaryň, talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygy öz içine alýar, bilimleriň dürli ugurlarynda garaşsyz gözleg işlerine gatnaşmagyna we hünärmenleriň täze derejesini döretmäge goşant goşýar.

Bu çäre halkara hyzmatdaşlygyň innowasion tejribesine öwrülýär. GDA ýurtlaryndaky uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi döwletara bileleşikleri döretmek we ösdürmek arkaly täze derejä çykýar. Bu, Halkara Gurluşyk ýokary okuw mekdepleriniň bileleşiginiň çäginde uniwersitetler arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir mysalydyr.

Habarlaşmak üçin maglumatlar