img

GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARYNA BAGYŞLANYLDY

Ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow we Garadamak şäherçe kitaphana şahamçalary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýylygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyga Institutymyzyň uly mugallymy Orazgül Berdiýewa, institutymyzyň talyby Şanazar Kadyrow, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphanalar şahamçasynyň II derejeli kitaphanaçysy Merjen Atdaýewa, Aşgabat teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Aýgül Çaryýewa gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar akyldar şahyrymyzyň gymmatly eserleri, öwüt-ündew temasynda ýazan goşgulary, umumadamzat ähmiýetli nesihatlary dogrusynda gürrüň etdiler. Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplaryna bagyşlanan sergi hem guraldy.

Duşuşyk we sergi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan geçirilmeli çäreleriň Ýol kartasynda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilýändiginiň alamaty bolup, gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar