HALKARA OLIMPIADA
2023-nji ýylyň 22-29-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynda Al-Horezmi II Halkara Matematika olimpiadasy geçirildi. Nukus şäherinde geçirilen Halkara olimpiada institutymyzdan hem talyplar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini ýerine ýetirmekde şunuň ýaly Halkara olimpiadalarda gazanylýan netijeleriň ähmiýeti uludyr.
Al-Horezmi II Halkara Matematika olimpiadasyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Institutymyzdan dört talyp bu bäsleşige gatnaşyp, olaryň üçüsi III orna mynasyp boldular.
Ykdysadyýet we dolandyryş hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kadyrberdi Annabaýew, Senagat we raýat jaý gurluşygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Nagym Taňrygulyýew, Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy hünäriniň üçünji ýyl talyby Muhammetmyrat Goçmyradow baýrakly III orna mynasyp bolup, degişli diplomlar bilen sylaglandylar.