img

Netijeli Halkara hyzmatdaşlyk

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň halkara abraýy günsaýyn artýar. Açyk gapylar syýasaty bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine kömek edýär. Dostlukly Italiýa döwletiniň wekilýetiniň institutymyzda myhmançylykda bolmagy muňa mysal bolup biler.

2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda sagat 15:00-da Italýan diliniň hepdeliginiň çäklerinde institutymyzda Italiýa Respublikasynyň Wenesiýa şäheriniň “Ca’Foskari” uniwersitetiniň myhmanlary garşylandy.

Duşuşygyň dowamynda professor Antonio Markomini “Italýan dili we durnukly ösüş” atly temadan institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bilen okuw sapagyny geçirdi. Soňra sagat 16:00-da institutymyzyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda ylym-bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk netijeli häsiýete eýe boldy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar