img

HANÇŽOUDAN BÜRÜNÇ MEDAL

Türkmen türgenleri Hançžou şäherinde geçirilen ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda şowly çykyş etdiler. Karateçi Baýry Baýryýew nobatdaky üstünlige eýe boldy.

Institutymyzyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Baýry Baýryýew Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) düzgünlerine laýyklykda geçirilen kumite (sparring) boýunça bürünç medal aldy. 67 kilograma çenli agramda 22 türgen medal ugrunda bäsleşdi. Birinji aýlawda Baýry ХIХ Aziýa oýunlarynyň geljekki çempiony Fahad Al-Ajmiden (Kuweýt) 1:4 hasabynda ýeňildi. Ýöne iki bürünç medaldan biriniň ykbaly çözülen teselli ýaryşynyň indiki tutluşyklarynda garşydaşlaryndan üstün çykdy. Talybymyz ilki Rinçen Jamtşony (Butan) 8:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, soňra Nurlanbek ogly Kalysy (Gyrgyzystan) 8:4 hasabynda ýeňdi we bürünç medal ugrundaky söweşde Çen Çun Şini (Taýwan) 9:1 hasabynda ýeňdi.

Geçen aý Baýry Baýryýew Dünýä Şotokan karate federasiýasynyň (WSKF) howandarlygynda Daşkentde geçirilen Şotokan karate boýunça dünýä çempionatynda Open absolýut agram derejesinde ikinji ýeri eýeledi. Indi bolsa Aziýa oýunlarynda karatede (WKF) türkmen sportunyň taryhynda ilkinji medal gazandy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar