img

Ýene bir halkara leksiýa

2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetinde Berliniň amaly ylymlar uniwersitetiniň geodeziýa we geoinformatika kafedrasynyň professory B. Reznik tarapyndan sanly ulgam arkaly " Üznüksiz gözegçilik ulgamlarynyň bir bölegi hökmünde häzirki zaman ýel elektrik stansiýalarynyň ýük göteriji gurluşlaryna gözegçilik " atly umumy okuw sapagy geçirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin amaly ylymlar Beuth uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşykda görkezilen hereket meýilnamasyna laýyklykda, her aýda talyplarymyz professory B. Reznigiň umumy okuw sapaklaryny uly höwes we gyzyklanma bilen diňleýärler.

Şeýle okuw sapaklary, ilkinji nobatda, medeniýetler arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine we ylym-bilim pudagynda gatnaşyklaryň giňelmegine goşant goşýar. Bu ýaş alymlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gymmatly pedagogiki tejribe alyşmagy we hyzmatdaşlygy öz içine alýar, bilimleriň dürli ugurlarynda özbaşdak gözleg işlerine gatnaşmagyna we täze hünärmenleri kemala getirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar