Gaýtadan işlemegiň asyl manysy name?
2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Milanyň sanly hepdeliginiň çäginde Milanyň Politehniki Uniwersitetinde “Gaýtadan işlemegiň asyl manysy name?” atly seminar geçirildi. Milanyň politehniki uniwersiteti bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplary we mugallymlary bu seminara işjeň gatnaşdylar.
Milanyň politehniki uniwersiteti tarapyndan guralan bu seminar Londonyň Brunel uniwersitetiniň, Günorta Daniýa uniwersitetiniň we Wageningen gözleg uniwersitetiniň alymlary gatnaşdy.
Gaýtadan işlemek jemgyýetçilik çekişmelerinde oňat kesgitlenen düşünje, ýöne muňa garamazdan anyk kesgitlemäni talap edýän giň düşünje bolup galýar. Çykyş edenler, plastigi gaýtadan işlemegiň mysaly bilen soragy açyk düşündirdiler. Alymlar, aýlawyň durnukly ösüş düşünjesiniň çäginde daşky gurşawyň ähmiýetini ykrar edip, islendik döwletiň ösmeginde uly rol oýnaýandygyna ynanýarlar.
Şeýle seminarlar talyplaryň gözýetimlerini giňeltmäge we täze bilimleri almaga kömek edýär, esasanam Senagat ekologiýasy hünäriniň talyplaryna geljekki hünär işlerinde şübhesiz kömek eder.