Halkara okuw sapagy
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň himiýa tehnologiýasy fakultetinde Russiýanyň D.I. Mendeleýew adyndaky himiki-tehnologiýa uniwersitetiniň “Informatika we kompýuter dizaýny” kafedrasynyň dosenti F.S. Sowetin sanly ulgam arkaly "Himiýa–tehnologiýa prosesleri modelleşdirme" atly tema boýunça talyplara umumy okuw sapagyny geçirdi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Russiýanyň D.I. Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşykda görkezilen hereket meýilnamasyna laýyklykda, her hepde talyplarymyz F.S. Sowetiniň umumy okuw sapaklary uly höwes we gyzyklanma bilen diňleýärler.
Şeýle wakalar, ilkinji nobatda, medeniýetler arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine we ylym we bilim pudagynda gatnaşyklaryň giňelmegine goşant goşýar. Bu, ýaş alymlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gymmatly pedagogiki tejribe alyşmagy we hyzmatdaşlygy öz içine alýar, bu bilimleriň dürli ugurlarynda özbaşdak gözleg işlerine gatnaşmagyna we hünärmenleriň kämilleşmegine getirýär.