img

Bilimler we talyp ýaşlar güni

Ýurdumyzda däp bolşy ýaly, her ýylyň sentýabr aýynyň 1-ne Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilip geçilýär. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaň sesleri täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň buşlukçysy bolup ýaňlandy.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde iki basgançakly ýokary hünär maksatnamasyna geçilmegi, ýagny dünýäde giňden ýaýran Bolon bilim ulgamynyň tejribeleriniň milli bilimiň işine tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy amala aşyrylýar. Umuman, bilim ulgamynyň ähli basgançaklary dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylýar. Bu ösüşler, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirýän bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler bilen şertlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylýan oňyn tejribelerden, şeýle hem “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Habarlaşmak üçin maglumatlar